- biz
- 11) Birinji ýönkemäniň köplügini aňladýan at çalyşmasy.∙ Biz biri-birimiz bilen sözleşýäris we pikir alyşýarys. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)∙ Biz gaýtjak bolup durkak, howanyň bulaşjakdygyny aňdyk. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)2) Awtor ýa gepleýän adam tarapyndan okyjylara, diňleýjilere ýüzlenilende«men» manysynda ulanylýan söz.∙ Gözel ýarym, bizi goýma armana. (Mollamurt, Saýlanan eserler)2[bi:z]Ak reňkli irimçik nah mata.∙ Onuň gursagyndan akan gan donuny, biz köýnegini gana bulapdyr-da gatapdyr. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Kapasada top-top bizi, Asylgydyr Hywa dony. (Çary Aşyr, Poemalar)∙ Ol tomsuna agar çäkmen, gyşyna bolsa pagtaly don geýerdi, biline ak biz guşak guşanardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)3[bi:z]Köwüş, ädik tikilende deşik deşmek üçin ulanylýan saplyja, ýitiuçly esbap, gural.∙ Ussanyň inçeli-ýogynly birnäçe bizi bardy.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.